Halkara fizikler topary ilkinji gezek adamyň ýokarky dem alyş ýollaryndan geçýän mikroplastiki bölejikleriň hereketini öwrendi we her sagatda ortaça 16 mikroplastiki bölejigiň adamlaryň dem alyş agzalarynda çökýändigini anyklady. Bu Ýeriň plastikler bilen hapalanmagyna garşy göreşmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtap görkezýär diýip, sişenbe güni Amerikanyň Fizika institutynyň (AIP) metbugat gullugy habar berdi. "Alymlar dürli ululykdaky we hertüýsli şekildäki mikroplastiki bölejikleriň, adamyň dem alyş ýollaryna düşenlerinde, çalt we kadaly dem alynýarka özlerini alyp barşyny hasapladylar. Alymlar tarapyndan geçirilen hasaplamalar bu bölejikleriň ep-esli böleginiň dem alyş ulgamynyň käbir ýerlerinde, şol sanda burun boşlugynda we bogazda çöküp galýandygyny görkezdi "- diýip habarda aýdylýar. Sidneýiň Tehnologiýa Uniwersitetiniň uly ylmy işgäri Muhammet Yslamyň ýolbaşçylygyndaky awstraliýaly, hytaýly we eýranly fizikler topary bölejikleriň adamyň dem alyş ulgamyna aralaşanlarynda özlerini alyp barşy bilen gyzyklandy. Alymlaryň bu meselä bolan gyzyklanmasy bir ýyl mundan ozal lukmanlaryň plastmassa bölejikleriniň kämahal dem alyş ýollaryna has çuň aralaşýandygyna ilkinji subutnamalary tapmagy bilen baglanyşyklydyr.