20 ýaşa çenli futbolçylaryň Dünýä çempionatynyň finalynda Urugwaý bilen Italiýa duşuşdy. Günorta Amerikanyň ýygyndysy garşydaşyny — 1:0 hasabynda ýeňdi. Iki topar hem uzak wagtlap gol salyp bilmedi. Birinji ýarymdan soň hasap deňme-deň boldy — 0: 0. Netijede, urugwaýlylara ahyryn garşydaşyny ýeňmek başartdy: 86-njy minutda Latyn Amerikasynyň toparynyň hüjümçisi Lýusiano Rodriges ýeňiş getiren goly öz hasabyna ýazdy. Urugwaýyň milli ýygyndysy üçin bu ýaryşdaky ilkinji ýeňiş. Ondan öň Günorta Amerikanyň topary finalda iki gezek – 1997-nji we 2013-nji ýyllarda utulypdy. Ýarym finalda Urugwaý Ysraýyly 1:0, Italiýa Günorta Koreýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Üçünji ýer ugrundaky oýunda Günorta Koreýanyň toparyny 3: 1 hasabynda ýeňen Ysraýyl topary has güýçli bolup çykdy.