Ýaponiýanyň N-Ark kompaniýasy syýahatçylyk desgalaryny, lukmançylyk edaralaryny we hatda kosmos raketalaryny öz içine aljak özboluşly ýüzýän şäheriň taslamasyny işläp düzdi. Dogen City atly şäher howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly islendik deňiz joşmalaryna garşy durup, 40 000-e çenli adamy elektrik energiýasy, iýmit we suw bilen özbaşdak üpjün eder ýaly ýagdaýda işlenip düzüler. Bu barada novosti.kg habar berýär. ogen City-nyň uzynlygy 4 km bolar. Ol, takmynan, 10 000 hemişelik ýaşaýjy üçin niýetlenen, şeýle-de islendik wagt 30 000 syýahatçyny kabul edip biler. Onuň tegelek şekili güýçli howa şertlerine we hatda sunamilere garşy durup bilmek üçin işlenip taýýarlanylar, ýöne munuň nähili boljakdygy barada jikme-jik maglumat ýok. Şäher üç zolaga bölner. N-Ark kompaniýasy ýüzýän şäheriň ýylda 2 mln litre golaý suw sarp etjekdigini hasaplady. Dogen City her ýyl 3288 tonna zibil çykaryp, ony gaýtadan işlär. Bu ýerde ýylda, takmynan, 7000 tonna azyk we 22 265 000 kWt elektrik energiýasy öndüriler. Bu zerurlyklary kanagatlandyrmak, elbetde, uly mesele bolup durýar we ýüzýän şäheriň muny nähili amala aşyrjakdygy barada maglumatlar örän az, ýöne köp sanly Gün panelleriniň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Häzirlikçe bu ýüzýän şäheriň nirede dörediljekdigi we onuň gurluşygy üçin çykdajynyň näçeräk boljakdygy belli däl, ýöne N-Ark ony eýýäm 2030-njy ýyla çenli ulanmagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir