Beýik Britaniýa syýahatçylar üçin giriş töleglerini girizýär. Bu barada CNN salgylanyp, novosti.kg habar berýär. Ýatlap geçsek, Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2009-njy ýyldan bäri ýurda girýänlerden elektron ygtyýarnama üçin töleg alýar, indi Beýik Britaniýa we Ýewropa Bileleşigi hem şeýle düzgüni girizip başlaýar. ABŞ-da ygtyýarnama 21 dollara düşýär we ol iki ýylyň dowamynda hereket edýär. Ýewropada giriş üçin töleg indiki ýyl 7 ýewro derejesinde giriziler: ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti üç ýyl bolar. Birleşen Korollyga girmek üçin bolsa syýahatçylar indi, takmynan, 12,5 dollar tölemeli bolarlar. Ygtyýarnama iki ýyl hereket eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir