Şu ýylyň mart aýynda 4 ýyl 218 gün ýaşynda kitabyny çap edip, bu boýunça iň ýaş adam hökmünde dünýä rekordyny goýan Birleşen Arap Emirliklerinden Said Raşed Al-Mheýri öz üstünligi bilen ýene-de haýran galdyrdy. 20 günden soň ýaş ýazyja bu kitabyň dowamyny ýazmak başartdy we bu hem oňa 4 ýyl 238 gün ýaşynda kitaplar toplumyny çap eden iň ýaş adam titulyny (erkek adam) getirdi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Kitap Birleşen Arap Emirliklerinde 13 ýaşa çenli çagalara gönükdirilen Rainbow Chimney Educational Aids täjirçilik neşirýaty tarapyndan çap edildi. Düzgünlere laýyklykda, kitap azyndan 1000 sany çap nusgasy bilen satylmaly, ýazyjynyň maşgalasyna bolsa muny 2023-nji ýylda Abu-Dabide geçirilen Halkara kitap ýarmarkasynda ýerine ýetirmek başartdy. Oglanjygyň “Pil Said we aýy” atly birinji kitabynda pil barada gürrüň edilip, şeýle diýilýär: “Pil dagda oturylyşyk guramak isledi. Ol pili iýmegiň deregine onuň dosty bolmak kararyna gelen ak aýy bilen tanyşdy”. Onuň “Meniň hakyky dostum” toplumyndaky ikinji kitabynda öz dosty ak aýy bilen hoşlaşyp, öýüne dolanýan pil barada gürrüň berilýär. Ýöne pil suwa gaçyp, kömege çagyrýar we şonda aýy kömege gelýär. Waka piliň öz dostuna minnetdarlyk bildirmegi bilen tamamlanýar. Said ony şeýle sözler bilen beýan edýär: “Seniň hakyky dostdugyň üçin minnetdar”.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir