Toyota konserni “Alphard” mikroawtobusynyň täze neslini diňe 21-nji iýunda hödürlemegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, “AutoHome”-iň habaryna görä, geljekki täze ulagyň daşky görnüşi indi gizlin däl: Hytaý bazary üçin mahabat wideosy taýýarlananda ogryn suratçylar Alphardy surata düşürmegi başardylar. Toyota Alphard radiatoryň monumental gözenegini saklar, ýöne doldurylyşy düýbünden täze bolar. Optika üýtgär (öň tarapkysam, arka tarapkysam), duman çyralary birleşdirilen, ýöne görnüşi üýtgedilen öň bamperde bir jübüt “gyýak” ulanylýar. Alphard-yň sudury has dinamik bolar we ortasynda ýyldyrym ýaly egrem-bugram penjire çyzgysy yzky tarapa rahat düşer. Gapdal aýna hem şoňa görä täzeden gözden geçirildi. Yz tarapy başga bir bamperiň hasabyna gönüburçly diýen ýaly bolar, ýöne dizaýnerler burçuny ullakan çyralar bilen utgaşdyrarlar. Suratda Alphard-yň içki jikme-jiklikleri hem düşüpdir: oňa görä, ikinji hatary aýry oturgyçly awtoulagyň iň kaşaň görnüşi surata alnypdyr. Uly tirsekgoýarlar we kellegoýarlar görünýär. Mundan başga-da, suratdan görnüşi ýaly, oturgyçlar yza-öňe çekilip bilinýän aýakgoýarlar bilen üpjün ediler. Alphard üçin esas ýaňy-ýakynda girizilen ikinji nesil “Lexus LM” -iň platformasy bolandyr diýlip çaklanylýar. Awtoulagyň hereketlendirijisi 2,4 we 2,5 litr göwrümli birnäçe "dörtlükden" ybarat bolar - atmosfera, ýokary güýçli we 211 at güýjüni berýän elektrik gurluşly. Korobka hökmünde, alternatiw däl üýtgeýjini hödürlärler, priwodlar hem bir okda, hem-de doly görnüşinde peýda bolar.