Russiýadan ýüklenen çig nebitiň ilkinji tapgyry Pakistanyň Karaçi deňiz portuna geldi, bu barada ýurduň Premýer-ministri Şehbaz Şarif habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Premýer-ministr özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdiren habarynda: «Men halkyma beren ýene bir wadamy ýerine ýetirdim. Arzan bahadan satyn alnan rus çig nebitiniň ilkinji tapgyrynyň Karaçä gelendigini, ertir onuň düşürilip başlanjakdygyny aýtmaga şatdyryn» diýip, ýazdy. Şehbaz Şarif şeýle-de Pakistana gelen taryhda ilkinji rus ýüküniň Yslamabat bilen Moskwanyň arasynda gatnaşyklaryň täze döwrüni alamatlandyrýandygyny nygtady. Pakistanyň nebit ministri Musadik Malik Karaçä gelen rus nebiti üçin ýuanda hasaplaşylandygyny habar berdi diýip, «Reuters» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir