Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarymgoragçysy, karýerasynyň dowamynda Özbegistanyň birnäçe klublarynda üstünlikli çykyş eden Artur Geworkýan Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň «A» toparçasynyň 2-nji tapgyrynda ertir geçiriljek Türkmenistan — Özbegistan oýny barada bildirdi. Ol championat.asia saýtynyň žurnalistiniň «Özbegistan — Türkmenistan duşuşygynda nähili oýna garaşýarsyňyz?» diýip, beren sowalyna şeýle jogap berdi: — Iň esasysy stadiona gelen janköýerleri içlerini gysdyrmaýan oýun bolsun. Toparlar owadan we gyzgalaňly oýny orta goýsunlar. Duşuşyga hökman tomaşa ederin. Bu oýnuň netijesi meniň üçin hem gyzykly. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşyň birinji tapgyrynda Täjigistan bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. Mergen Orazowyň şägirtleri indiki tapgyrda ertir Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar. Daşkent şäherindäki «Bunýodkor» stadionynda geçiriljek oýun Aşgabat wagty bilen sagat 20:30-da başlanar. Ýeri gelende bellesek, Artur Geworkýan Özbegistanyň çempionatynyň taryhynda iň gowy legionerleriň biri hasaplanylýar. Ol dürli ýyllarda ýurduň «Şurtan», «Nasaf», «Pahtakor», «Lokomotiw», «Kyzylkum» ýaly toparlarynda çykyş etdi. Ol Özbegistanyň çempionatynda altyn, kümüş we bürünç medallaryň ählisine mynasyp bolmagy başaran ýeke-täk legionerdir. Mundan başga-da, Artur Geworkýan «Nasaf» bilen AFK-nyň Kubogynda hem çempion bolupdy.