Fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe «PSŽ» bilen şertnamasyny uzaltmagy ret etdi. Şeýlelikde, ol 2024-nji ýylyň tomsunda erkin agente öwrüler. Mbappeniň «PSŽ» bilen şertnamasy 2023/24-nji ýyllaryň futbol möwsüminiň ahyrynda tamamlanar. Ylalaşykda ony ýene bir ýyla uzaltmak mümkindigi baradaky şert bar. Emma Kilian Mbappe şertnamany uzaltmak islemeýändigini «PSŽ» toparynyň ýolbaşçylaryna hat üsti bilen duýdurdy. Ýeri gelende bellesek, Kilian Mbappe 2018-nji ýyldan bäri, «PSŽ» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Ol bu topar bilen bäş gezek Fransiýanyň çempiony boldy hem-de üç gezek ýurduň Kubogyna eýe çykdy. Ol Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen Dünýä çempionatynda altyn, 2022-nji ýylda Katarda geçirilen Dünýä çempionatynda bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Mundan başga-da, onuň 8 gol bilen 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň iň netijeli oýunçysy bolandygyny hem bellemek gerek.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir