Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynda 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Tapgyrda «Energetigi» 4:0 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» utugyny 12-ä çykaryp, birinji ornuň ýeke-täk eýesi boldy. 4-nji tapgyrda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan toparlardan «Merw» 10 utuk bilen ikinji, «Ahal» 7 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. «Aşgabady» 3:1 hasabynda ýeňen «Şagadam» utugyny 6-a çykaryp, dördünji orna göterildi. Ýaryş tertibini «Energetik» bilen «Aşgabat» jemleýär. Ýaryşda jemleýji ― 5-nji tapgyryň duşuşyklary 14-nji iýunda geçiriler. Şol tapgyrdaky «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygyň Kubogynyň eýesini kesgitlär. Şeýle hem «Şagadam» bilen «Ahal» üçünji orun üçin göreşerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir