«Liwerpulyň» ozalky futbolçysy, «Aston Willa» bilen «Reýnjersiň» ozalky tälimçisi Stiwen Jerrard tälimçilik ýoluny Saud Arabystanynyň «Al-Ittifak» toparynda dowam eder. Bu barada «Çempionat» italiýaly žurnalist Nikolo Skira salgylanyp habar berdi. Mundan ozal angliýaly tälimçi bilen grekleriň «Olimpiakos», türkleriň «Trabzonspor» toparlarynyň hem gyzyklanandygy habar berlipdi. «Aston Willa» Jerrardy geçen ýylyň oktýabr aýynda işden boşadypdy. Häzire çenli ol işsiz boldy. «Al-Ittifak» Saud Arabystanynyň çempionatynyň geçen möwsümini ýedinji orunda tamamlady. Stiwen Jerrarddan soň ykbalyny Unai Emerä ynanan «Aston Willa» hem APL-i ýedinjilikde tamamlady. Saud Arabystanynyň çempionatynda Kriştianu Ronaldu, Karim Benzema ýaly dünýä ýyldyzlarynyň futbol oýnaýandygyny ýatladýarys.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir