Saud Arabystany Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylýar. Bu barada ýurduň energetika ministri şazada Abdel Aziz ben Salman Al Saud Er-Riýadda geçen arap we hytaý işewürleriniň onunjy maslahatynda eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Report.az» neşiri ýazýar. «Bu gün Hytaýyň öňdäki orundadygy we geljekde-de öňdäki orunda boljakdygy şübhesiz hakykatdyr. Biz Hytaý bilen bäsleşmeli däl-de, hyzmatdaşlyk etmelidiris» diýip, şazada aýtdy. Arap we hytaý işewürleriniň onunjy maslahaty 11-12-nji iýunda «Gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» diýen şygar bilen Er-Riýad şäherinde geçdi.