Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň habar bermegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň «Deňiz söwda flotynyň» ýük gatnawlarynyň ösüşi barha artýar. 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenbaşy — Alýat (Azerbaýjan) ugry boýunça daşalan ýüküň mukdary 31572 tonna ýetdi. Bu bolsa geçen ýyldan 2,42 esse köpdür. 2022-nji ýylda bu görkeziji 13034 tonna barabar bolupdy. Degişli hasabat döwründe ýük gatnawlarynyň umumy sany 1580 TEU (TEU — ýük ulaglarynyň kuwwatynyň ölçeg birligi) boldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirileninde, 465 TEU ýa-da 35,84% ýokarydyr. Deňiz gatnawlary arkaly islendik agramly ýüki daşamak mümkindir. Şeýle bolansoň, dürli ululykdaky gämilerdir tankerlerde kömür, sement, nebit, suwuklandyrylan tebigy gaz ýaly dürli ýükler yklymlaryň çar künjegine ýaýraýar. Galyberse-de, deňiz gatnawy ulag görnüşleriniň arasynda iň arzany bolup durýar. Häzirki döwürde refrižerator, ýagny sowadyjy konteýnerleriň kömegi bilen harytlary zaýalanmazdan, deňiz ýollary arkaly alyp gitmek mümkinçiligi bar. Deňiz gatawynda çykdajynyň köp ýeri onuň gatnaw üçin bahasy däl-de, edil demir ýollarda bolşy ýaly, infrastrukturasy bolup durýar.