Birleşen Arap Emirliklerinde ählumumy howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak üçin özboluşly usuldan peýdalanmakçy bolýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar. Munuň üçin Patyşalygyň kenarýaka zolaklarynda tropiki mangra tokaýlaryny döredýärler. Tropiki mangra tokaýlary çylşyrymly ekoulgama eýe bolmak bilen, olarda ýitip ýok bolmak howpy abanýan haýwanlar ýaşap bilerler. Galyberse-de, şeýle tokaýlar kenar ýakalaryny deňiz harasatlarydyr suw joşmalaryndan hem-de parnik gazlardan goraýar. BAE-de mangra agaçlaryny 1970-nji ýyllardan bäri ekip gelýärler. 2030-njy ýyla çenli olaryň 100 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär, ýurduň Howa ministrliginiň maglumatlaryna görä, bu tokaýlar her ýyl 43 müň tonna çenli kömürturşy gazyny özlerine siňdirer.