Türkmenistanda «Şaýbaly hokkeýiň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby neşir edildi. Neşir Allaberdi Saparow bilen Aşyrmuhammet Hojakulyýew tarapyndan çapa taýýarlandy. Neşirde şaýbaly hokkeý bilen meşgullanyp başlamak üçin bildiirlýän ilkinji talaplardan başlap, türgenleri taýýarlamagyň nazaryýeti, ylmy usullary barada baý maglumatlar berilýär. Kitap şu ugurda zähmet çekýän tälimçileriň, mugallymlaryň öz işlerini ýokary derejede guramaklarynda hem-de netijeli alyp barmaklarynda diýseň ähmiýetli bolar. Gollanma hokkeý boýunça bilim alýan geljekki hünärmenleri, talyp ýaşlary okatmaga niýetlenendir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir