Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Tennis toplumynda geçirilýän 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň duşuşyklary jemlendi. Şu gün ýaryşyň ahyrky duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanly oglan-gyzlar jemleýji duşuşyklaryny Täjigistan Respublikasynyň toparlarynyň garşysyna geçirdiler. Oglanlaryň ýekelikdäki ýaryşynda Aly Geldiýewe-de, Süleýman Hudaýberdiýewe hem täjik garşydaşlaryny ýeňmek başartdy. Süleýman Hudaýberdiýew bilen Nazargeldi Amangeldiýew jübüti hem nobatdaky duşuşygyny ýeňiş bilen jemledi. Şeýlelikde, oglanlar toparymyz Täjigistanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gyzlar ýygyndymyz hem Täjigistanyň toparyny 3:0 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi. Anna Ponýatowanyň, Aýlar Kakabaýewanyň çykyşlary türkmen tarapynyň peýdasyna tamamlandy. Aýlar Kakabaýewa hem-de Näzli Hudaýgulyýewa jübüti bilelikde hem täjigistanly gyzlardan has güýçlüdiklerini subut etmegi başardylar. Mundan başga-da, ýaryşyň jemleýji gününde gazagystanly oglanlar özbek toparyny, Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy bolsa Owganystany 3:0 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi. Gazagystanyň gyzlar topary Özbegistanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Şu günki oýunlar ýaryşyň netijelerini kesgitledi. Oglanlaryň arasynda garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykan Gazagystanyň ýygyndy topary ýeňiji boldy. Geçiren 5 duşuşygynyň dördüsinde ýeňiş gazanan Türkmenistanyň ýygyndysy ikinji orny eýeledi. Özbegistanyň ýygyndy topary üçünji boldy. Gyzlaryň ýaryşlarynda hem Gazagystanyň ýygyndy topary öňe saýlandy. Özbegistanyň ýygyndysy ikinji orny gazanmagy başardy. Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Şu gün 17:00-da ýaryşyň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçiriler. Şol ýerde Türkmenistanyň oglanlar ýygyndysyna kümüş, gyzlar toparyna bürünç medallar gowşurylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir