Awiakompaniýanyň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Belavia» Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryň sanyny awgust aýyndan hepdede birden iki esse artdyrar. Habarda «19-njy awgustdan 17-nji sentýabr aralygynda Türkmenistana şenbe günleri hem uçuşlar amala aşyrylar» diýilýär. Netijede, Minskden Türkmenbaşy şäherine uçuşlar çarşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Şenbe güni uçarlar sagat 20:00-da Minskden göge galyp, Türkmenbaşy şäherine ýekşenbe güni sagat 02:10-da gonar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş ýekşenbe güni sagat 03:10-da ugrar we 05:30-da Minsk şäherine gonar. Meýilnamada ýerli wagt görkezilýär. Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky wagt tapawudy 2 sagatdyr. Uçuşlar Braziliýanyň «Embraer E195» uçarynda amala aşyrylýar. Uçar 125 adama niýetlenendir (biznes synpynda 9 oturgyç we ekenom synpynda 116 oturgyç). Uçuş dört sagatdan gowrak dowam edýär. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin oflaýn petekleri Aşgabatdaky «Belavia»-nyň aşakdaky salgysyndaky ofisinden alyp bolar: 2028 köç (A. Gowşudowa), 50/2 bina, 2-nji gat («Teke bazary», «Ak Deňiz» binasy, 2-nji gat) Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312926409. «Belavia»-nyň uçuşlary üçin petekleri onlaýn görnüşinde www.belavia.by saýtyndan alyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir