Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi agentligiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Elektron haryt-ulag delil hatynyň elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň döredilmegini üpjün eder. Munuň üçin borçlandyrýan Karara Türkmenistanyň Prezidenti 7-nji iýunda gol çekdi. Şeýle hem Ulag we kommunikasiýalar agentligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň «Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama» goşulmagy bilen baglylykda, şeýle hem haryt-ulag delil hatyny resmileşdirmegi has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.