2022-nji ýylda Dünýä çempionatynyň çempiony, “Altyn topuň” 7 gezek eýesi argentinaly Lionel Messi Ispaniýanyň klubundan Fransiýanyň «PSŽ-sine» geçenindäki ýagdaýyň gaýtalanmagyny islemändigi üçin «Barselona» dolanyp barmady. Messiniň çarşenbe güni beren teswiri Mundo Deportivo gazetinde çap edildi. Çarşenbe güni Messi Amerikanyň “Inter Maýami” klubuna geçjekdigini habar berdi. Onuň “PSŽ” bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti gutardy we öň hüjümçiniň kakasy oglunyň “Barselona” dolanmak isleýändigini aýdypdy. Hüjümçi, aýlyk haky bilen bagly mesele sebäpli, “Barselonanyň” oňa täze şertnama hödürläp bilmäni üçin, 2021-nji ýylda Ispaniýanyň toparyny terk edipdi. "Hawa, bu dogry, hakykatdanam [“Barselona”] dolanasym geldi, ýöne beýleki tarapdan, başdan geçiren ýagdaýlaryma gaýtadan uçrap, ýene-de şol bir ýagdaýa düşmek: näme boljagyna garaşmak we geljegimi kimdir birine garaşly etmek islemedim - diýip, Messi aýtdy. - Özüm hakda, maşgalam hakda pikir etmek kararyna geldim. Ýogsam, La Liganyň hemme zady kabul edendigini we hemme zadyň ýerbe-ýerdigini, yzyma gaýdyp gelmek üçin edilmeli başga-da köp zatlaryň bardygyny eşitdim. Oýunçy satmaly ýa-da oýunçylaryň aýlyklaryny azaltmaly bolandyklaryny bilýärin, çynym, men bu zatlary başdan geçirmek ýa-da bularyň hemmesi bilen baglanyşykly bir zat almagyň jogapkärçiligini çekmek islemedim. “Barselonadaky” karýeramda meni ýapa degmejek zatlarda aýypladylar, men indi biraz ýadadym". Hüjümçi “Inter Maýamä” geçmek kararyna “PSŽ”-de oýnan wagtyndaky tejribesiniň täsir edendigini aýtdy. "Şol iki ýyl men bagtly bolmandym. Bu maşgala durmuşymyza hem täsir etdi, çagalarymyň mekdep durmuşynyň köp gowy ýerlerini görmän galdym" – diýip, argentinaly oýunçy sözüniň üstüni ýetirdi.