2023-nji ýylda Türkmenistanly zyýaratçylaryň Mukaddes Gurban aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmekleri üçin «Türkmenhowaýollary» agentligi «Boeing 777-200» kysymly howa gämisinde 8 sany ýörite ýolagçy gatnawlary gurnady. Bu barada turkmenistanairlines.tm saýty habar berýär. «2023-nji ýylda ýurdumyzyň ilatynyň Mukaddes Gurban aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmek üçin zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin Türkmenistanyň Müftüsiniň Müdiriýeti bilen bilelikde 2023-nji ýylyň iýun we iýul aýlarynda Aşgabat – Jidda – Aşgabat hem Aşgabat – Medine – Aşgabat ugurlary boýunça «Boeing 777-200» kysymly howa gämisinde 8 sany ýörite ýolagçy gatnawlary gurnaldy» diýlip habarda aýdylýar. Öň Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany ildeşlerimizi haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýändigini habar beripdik. 2023-nji ýylda Gurban baýramy iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.