Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby resmi saýtynda beýan bilen çykyş edip, onda Ispaniýanyň “Real” we “Barselona” klublaryna Super liganyň taslamasyndan çykmak isleýändigi barada hat iberendigini tassyklady. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär. Öň, Italiýanyň Futbol federasiýasynyň Federal şikaýat kazyýeti “Ýuwentusa” maliýe aldawlary sebäpli ýurduň çempionatynda on utukdan mahrum etme görnüşinde jeza berdi. HBS Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) kluby diňe bir galplyk sebäpli däl, eýsem Super liganyň taslamasyny goldaýandygy üçin bir ýyl we ondan köp wagtlap ýewrokuboklardan çykaryp biljekdigini habar berdi. Beýanda “Ýuwentusyň” Super liganyň taslamasyndan çykmagy bilen bagly üç klubuň arasynda maslahatlaşmaga başlajakdygy aýdylýar. Klubda UEFA tarapyndan bolup biljek sanksiýalar howpy barada HBS-iň habarlarynyň hakykata laýyk gelmeýändigi hem bellenilýär. 2021-nji ýylyň aprel aýynda Ýewropa klublarynyň 12-si Super liganyň döredilýändigini mälim etdi. Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA), UEFA, milli assosiasiýalar, futbol jemgyýetiniň wekilleri we janköýerler täze ýaryş pikirini berk tankytladylar. Şondan soň Angliýanyň klublarynyň ählisi, soňra Milanyň “Interi” we Madridiň “Atletikosy” taslamadan çykýandyklaryny habar berdiler. Super liga pikirine “Ýuwentus”, “Real” we “Barselona” ygrarly boldy. UEFA olara garşy düzgün-nyzam çäresini gozgady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir