Apple kompaniýasy WWDC23 tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde iOS 17, iPad OS 17, macOS 14 Sonoma we watchOS 10 operasion sistemalaryny anons etdi. Şonuň bilen birlikde haýsy gurluşlaryň täzelenmä eýe boljakdygy, haýsylarynyň eýe bolmajakdygy belli boldy. Häzirki iPhone, iPad, Mac we Apple Watch-yň doly sanawyny Rozetked neşiri çap etdi diýip, gazeta.ru habar berýär. iPhone XR-den başlap ähli esasy modeller iOS 17-ä çenli täzelenip bilerler. Şeýle-de, täze OS-a 2020-nji we 2022-nji ýyllaryň iPhone SE modelleri eýe bolar. Şeýlelik bilen, Apple 2023-nji ýylda iPhone X, iPhone 8 we has köne modelleri könelişen diýip resmi taýdan ykrar etdi. iPadOS 17-ni ikinji nesil iPad Pro-dan, üçünji nesil iPad Air-den, altynjy nesil iPad-den we bäşinji nesil iPad mini-den uly bolmadyk gurluşlar gurnap biler. Sanalyp geçilen modellerden öň çykan ähli gurluşlar operasion sistemanyň täze wersiýasyny almaz. Öz gezeginde, watchOS 10-y Apple Watch Series 3-den täze gajetleriň eýeleri gurnap biler. Has takygy, watchOS 10 Apple Watch Series 4, 5, 6, 7 we 8, şeýle-de, Apple Watch SE we Apple Watch Ultra üçin elýeterli bolar. MacOS 14 Sonoma-ny 2019 iMac, 2017 iMac Pro, 2018 MacBook Air, MacBook Pro, 2019 MacPro, 2022 Mac Studios, şeýle-de 2018 Mac mini alar. Apple kompaniýasynyň täze operasion sistemalarynyň relizi şu ýylyň güýzünde geçiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir