Kanadadaky tokaý ýangynlary sebäpli ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherini rekord derejedäki gurumly tüsse basdy, ol soňky ýigrimi ýylda iň ýokary derejä ýetdi diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar. «AirNow.gov» portalynyň maglumatlaryna görä, ABŞ-da kabul edilen howanyň hiliniň AQI görkezijisi häzir 240-dan 290 birlige çenli artdy, bu iň ahyrky, mämişi howp görkezijisine deňdir. Amerikan paýtagtynda şeýle ýaramaz howa soňky 20 ýylda hasaba alynmandy. Bu ýerde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan kesgitlenen howanyň düzümindäki owunjak bölejikleriň möçberi kadadan üç esse artykdyr, hünärmenler ýagdaýy aňrybaş derejede howply hasaplaýarlar. Emma muňa garamazdan, Waşingtonda aeroportlaryň ikisi işleýär, mekdepler açyk. Şeýle-de ýurduň ştatlarynyň 15-sinde howanyň hiliniň ýaramazlaşandygyny habar berilýär.