Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Aşgabada iş saparyny amala aşyrýan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler başlandy. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, resmi garşylanyş dabarasy tamamlanandan soňra, taraplar ikiçäk duşuşygy geçirýärler. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzüminde dowam eder. Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanynyň özara gyzyklanýan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. Taraplar energiýa, ulag, derman serişdeleri, dokma senagaty, maýa goýum, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns bererler. Türkmen-wenger ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär.