Hindistanly ýazyjy Jagadiş Pillai Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, ol taryhda iň uzak dowam edýän saz tregini ýazdy diýip, «MIR 24» habar berýär. Gürrüň «Ramaçaritamasana» («Ramanyň umman işleri») atly epiki poema esaslanýan kompozisiýa barada barýar. Bu 15 müň şygyr böleklerinden ybarat bolan induist edebiýatynyň ýadygärligidir. Netijede, Pillai onuň esasynda 138 sagat 41 minut we 20 sekunt, tas alty gije-gündiz dowam edýän trek ýazdy. Eseri döretmek üçin ol dört ýyldan gowrak wagt sarp etdi. Pillai induizm dinine uýýanlaryň ruhy merkezi hasaplanýan Waranasi şäherinde doguldy. Ol 2016-njy ýylda bu ugurda goýlan rekordy täzelemek bilen çäklenmän, öz dogduk şäherine dünýäniň ünsüni çekmek isländigini gürrüň berdi diýip, «India Today» ýazýar.