Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Peter Siýýarto Türkmenistany Ýewropadaky häzirki energiýa çökgünliginiň mümkin bolan çözgütleriniň biri hökmünde görýär. Bu barada ol sosial sahypalarynda habar berýär. «Türkmen tebigy gazy bu meselede möhüm rol oýnap biler, emma Ýewropada ýeterlik ulag ugurlary ýok. Biz türkmen tebigy gazynyň Ýewropa bilen Wengriýanyň energiýa balansyna birleşdirilmegi üçin degişli ulag-üstaşyr şertleri döretmek isleýäris» diýip, wenger syýasatçysy nygtaýar. — Peter Siýýarto Ýewropadaky häzirki energiýa çökgünligini ýeňip geçmek üçin, täze energiýa çeşmelerini çekmegiň zerurlygy barada mälim etdi – diýip, Wengriýanyň Hökümetiniň halkara gatnaşyklar boýunça döwlet sekretary Zoltan Kowaç sosial sahypasynda ýazýar. Kowaçyň aýtmagyna görä, Siýýarto wenger uniwersitetlerinde talyp hakly şertlerinde okaýan 20 sany türkmen talybynyň bardygyny, onuň mysalynda iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň diýseň gowudygyny belledi. Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda bilim we diplomtiýa ýaly ugurlara degişli birnäçe möhüm ikitaraplaýyn şertnamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.