Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Müsür Arap Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, giň möçberli özgertmeler, şeýle hem iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Müsüriň ilçisi türkmen parlamentiniň düzümi hem-de amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Duşuşygyň ahyrynda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggari özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.