ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň öňki işgäri ýurduň hökümetini NUO-lar (Näbelli uçýan obýektler) barada maglumatlary elýeterli etmäge çagyrdy diýip, «MIR 24» ýazýar. Onuň sözlerine görä, ýurduň häkimiýetleri başga planetalylaryň zeper ýeten ýa-da abat howa gämilerine eýelik edýärler. Dewid Graş ýurduň Goranmak ministrliginde düşündirip bolmaýan adatdan daşary ýagdaýlary seljermek boýunça işe 14 ýyl ýolbaşçylyk edipdir. Gruşyň sözlerine görä, başga planetalylaryň howa gämileri bar we olar gizlin saklanýar. Onuň sözlerine görä, NUO-lar bilen duşuşyklar diňe ABŞ-da däl, eýsem, bütin dünýäde bolup geçýär diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar. «Biz bu ýerde ýalňyz däl. Olar bar, emma bizden gizleýärler» diýip, Gruş nygtady. Diňe 2023-nji ýylyň ýanwarynda ABŞ-da NUO-laryň 500-si hasaba alnypdyr.