Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpden bäri garaşylýan tomusky dynç alyşdan aýyrýan 500 kilometrden gowrak aralygy geçmegiň birnäçe ýoly bar: Iň meşhury we iň çalty – uçar bilen. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça gündelik irdenki uçuşlary amala aşyrýar. Mundan başga-da, Türkmenbaşy halkara howa menzili bilen agşamky uçuşlar hem baglanyşdyrýar: hepdede dört gezek 18:00-da we üç gezek 21:10-da. Türkmenistanyň içindäki içerki uçuşlaryň tertibini şu salgyda tanşyp bilersiňiz. Howlukmaýanlar we tebigatyň gözelliklerinden lezzet almak isleýänler üçin otluda syýahat etmek amatly bolar. Aşgabat – Türkmenbaşy otlusy Türkmenbaşy şaýolunyň 7-nji jaýynda ýerleşýän Aşgabat demir ýol menzilinden her gün ugraýar Syýahatyň dowamlylygy 14 sagat 25 minut. Şeýle-de türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary täze Aşgabat – Awaza awtobus gatnawyndan peýdalanyp bilerler. Gündelik şäherara awtobus gatnawy 11-nji iýunda işe giriziler. Awtobus sagat 06:00-da A.Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýynda ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugrar. Eger-de henizem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaşajak ýeriňizi kesgitlemedik bolsaňyz, onda otag bronlamagy maslahat berýäris.