“Milanyň” 41 ýaşly şwesiýaly hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada Italiýanyň HBS-ine salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär. Ibragimowiç öz gelen netijesini Italiýanyň çempionatynyň 38-nji tapgyrynyň “Milan” – “Werona” (3:1) oýny tamamlanandan soň aýtdy. “Men maşgalama sabyrlylygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Ikinji maşgalama – oýunçylara, tälimçä, işgärlere, menejerlere sagbolsun aýdýaryn. Şeýle-de, size, janköýerlere tüýs ýüregimden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Futbol bilen hoşlaşmagyň wagty geldi, ýöne siz bilen däl” – diýip, futbolçy oýundan soň geçirilen dabarada aýtdy. Ibragimowiç “Aýaks”, “Malmýo”, “Ýuwentus”, “PSŽ”, “Inter”, “Barselona”, “Los-Anjeles Gelaksi” we “Mançester Ýunaýted” üçin hem oýnady. Şwesiýaly hüjümçi bäş gezek Italiýanyň çempionatynyň ýeňijisi (iki gezek – “Milanyň” düzüminde we üç gezek “Interiň” düzüminde), dört gezek Fransiýanyň çempiony, iki gezek Niderlandlaryň çempiony we bir gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.