Wenadaky ýygnakdan soň, OPEC+ ýurtlary 2024-nji ýyldan başlap her gün 40,46 million barrele barabar nebit öndürmek barada kwotany tassyklady diýip, guramanyň web sahypasyndaky habarnamada aýdylýar. Russiýanyň OPEC+ boýunça 2024-nji ýyldaky kwotasy günde 9,8 million barrele, Saud Arabystanynyňky - günde 10,5 million barrele barabar bolar. Angola üçin maksatly önümçiligiň derejesi 1,3 million barrele, Nigeriýa üçin - 1,4 milliona, Alžir üçin - 1 milliona, Kongo üçin - 276 müňe, Gabon üçin - 177 müňe çenli peseler. Ozal The Wall Street Journal gazeti Er-Riýadyň birnäçe afrika ýurduna önümçiligi azaltmak baradaky haýyş bilen ýüz tutandygyny, ýöne olaryň ylalaşyga gelip bilmändigini habar beripdi. OPEC-iň beýannamasynda "nebit bazaryndaky durnuklylygy gazanmak we goldamak" üçin kararyň kabul edilendigi bellenýär. Indiki duşuşyk 26-njy noýabrda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir