Ilon Maskyň Neuralink neýrotehniki kompaniýasynyň bahasy, adamyň beýnisine çip ornaşdyrmak boýunça kliniki synaglary geçirmek üçin rugsat alandan soň, 5 milliard dollara barabar boldy. Bu barada Reuters agentligi çeşmelere salgylanyp habar berdi. Olaryň maglumatyna görä, başlangyjyň bahasy, 2021-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, 3 milliard dollar ýokarlandy. Kompaniýanyň paýnamalaryna islegiň gaty uludygy bellendi. Bilermenler Neuralink-i täjirçilik maksady bilen peýdalanmaga rugsat almak üçin ýene birnäçe ýylyň gerek bolmagynyň mümkindigini bellediler. ABŞ-nyň Milli saglyk institutynyň neýroenergetika bölüminiň öňki müdiri Kip Lýudwig beýni implantatyny täjirçilik taýdan ulanmaga tassyknama almak üçin ýene azyndan 10 ýyl gerek bolsa gerek diýip hasaplaýar. Käbir gözlegçiler kompaniýa şunça baha kesilmegine şübheli garaýarlar. Alym we telekeçi Arun Şridhar implantatyň işlenip taýýarlanşynyň irki döwrüne salgylanyp, ony akylsyzlyk diýip atlandyrdy. Ol: "Onuň howpsuzlygyny we uýgunlaşyjylygyny synap görmek hijem 5 milliard dollar çykdajy çykaranyňa degmez" -diýdi.