Özbegistanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy häzirki prezident Şawkat Mirziýoýewi respublikanyň baştutanynyň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba aldy. Bu MSK-nyň resmi saýtynda ýaýlyma berlen nobatdaky mejlisinde bolup geçdi diýip, mir24.tv habar berýär. Respublikanyň häzirki baştutany Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlendi, onuň dalaşgärligini öz kandidaturasyny hödürlemekden saklanan “Milliý tiklaniş” demokratik partiýasy hem goldady. Şeýle-de, ýurduň syýasy partiýalary tarapyndan hödürlenen iň ýokary wezipä üç dalaşgär hasaba alyndy. Hususan-da, Özbegistanyň Halk demokratik partiýasy we Ekologiýa partiýasy prezidentlige öz liderleri Abduşukur Hamzaýewi we Ulugbek Inoýatowy hödürlediler, “Adolat” sosial-demokratik partiýasy bolsa Ýokary kazyýetiň başlygynyň birinji orunbasary Robahon Mahmudowy hödürledi. 30-njy aprelde Özbegistanda Konstitusiýanyň täze redaksiýasy boýunça umumyhalk referendumy geçirildi. Ol, aýratynam, prezidentiň ygtyýarlylyk möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýar. Kanuna görä, döwlet baştutany wezipesini ikinji möhlet eýeleýän Şawkat Mirziýoýew ýene dalaş edip biler. Möhletinden irki prezident saýlawlary 9-njy iýula meýilleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir