Parižiň merkezinde köçe diktanty geçirildi we ol derrew Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Guramaçylara çärä gatnaşyjylaryň sany boýunça rekordy täzelemek başartdy, diktant ýazmaga 1397-den gowrak adam gatnaşdy diýip, BFM teleýaýlymy habar berýär. Muny rbclife.ru ýetirýär. Bu çärä 10 ýaşdan uly bolan islendik adam gatnaşyp bilýärdi. Olar üçin guramaçylar 1700-den gowrak parta goýdular. Sahnadan fransiýaly ýazyjy Alfons Dodeniň “Harazdan hatlar” eserinden bölek okaldy. Teksti žurnalist we edebiýat tankytçysy Ogýusten Trapenar okady. Gatnaşyjylaryň wezipesi teksti üç gezek diňlemekden we ony ýazmakdan ybaratdy. Ýekeje-de ýalňyş goýbermän ýazanlar ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeliseý meýdançalary komitetiniň başlygy we “Uly diktantyň” guramaçysy Mark-Antuan Žame bu çäräniň esasy maksadynyň lezzet almakdygyny we “adamlarda dile söýgi we okamak islegini döretmekden, orfografiýany kämilleşdirmekden” ybaratdygyny belledi. “Ilkinji wezipe – bu bilelikdäki işden lezzet almak, şeýle mümkinçilik her gün bolmaýar. Ikinji maksat bolsa – bu Ginnesiň rekordlar kitaby üçin diktant ýazmaga gatnaşyjylaryň sany boýunça dünýä rekordyny goýmak. Onuň wekilleri bu gün Parižde” – diýip, Žame aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir