2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan Hytaýa, takmynan, 2,9 mlrd kub metr tebigy gaz ibermek bilen, eksport möçberini ýokarlandyrdy diýip, Trend habar berýär. Resmi maglumatlara görä, görkezilen aýda gaz eksportynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda (2,4 mlrd kub metr) 20,8% köp boldy. Hytaý mart aýynda tebigy gazy, Türkmenistandan başga-da, Gazagystan (380 mln kub metr) we Özbegistan (140 mln kub metr) ýaly Merkezi Aziýa ýurtlaryndan import etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan öz gazyny Hytaýa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň üsti bilen geçirilýän üç gaz geçirijisi arkaly iberýär. Bu gaz geçirijileriniň umumy kuwwaty ýylda 55 mlrd kub metr gaza barabar. Şeýle-de, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistan bilen Hytaýy birleşdirjek gaz geçirijisiniň dördünji liniýasynyň gurluşygy ylalaşyldy. Bu liniýa ulanylyşa girizilenden soň, Türkmenistandan Hytaýa ýyllyk gaz üpjünçiliginiň mukdarynyň 65 mlrd kub metre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir