Argentinaly hüjümçi Lionel Messi ýene-de Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubunyň düzüminde oýnamak isleýär. Bu barada duşenbe güni oýunçynyň kakasy Horhe Messi habar berdi, onuň teswirini žurnalist Toni Huanmarti özüniň Twitterdäki sahypasynda berdi. Futbolçynyň kakasy: "Messi “Barselona” gaýdyp barmak isleýär, meniň hem islegim şol. Bu bolup biläýjek ýagdaý" - diýdi. Huanmartiniň sözlerine görä, Horhe Messi bilen Ispaniýanyň klubunyň ýolbaşçysy Žoan Laporta duşenbe güni duşuşdylar. Žurnalist Žerar Romero ozal Ispaniýanyň çempionatynyň ýolbaşçylarynyň "Barselona"-nyň Messini transfer etmek baradaky meýilnamasyny tassyklandygyny habar beripdi. Ol klubyň aýlyk hakyny ep-esli azaldyp bilendigini, bu bolsa oýunçyny erkin agent hökmünde geçirmäge mümkinçilik berýändigini belledi. 3-nji iýunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen”-i Messiniň şu möwsümiň ahyrynda gidýändigini habar berdi. Argentinaly oýunçy Parižiň toparynda 2021-nji ýylyň tomsundan bäri oýnady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir