Fransuz hüjümçisi Karim Benzema Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” kluby bilen şertnama baglaşdy, bu barada meşhur insaýder Fabrisio Romano öz “twitterinde” habar berýär. Taraplaryň ylalaşygy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder. Benzemanyň “Al-Ittihad” bilen baglaşan şertnamasynda hyzmatdaşlygy ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiliginiň üpjün ediljekdigi bellenilýär. Karim Madriddäki janköýerler bilen hoşlaşandan soň, dessine Saud Arabystanyna ugrar. “Al-Ittihadyň” Saud Arabystanynyň çempionydygyny ýatladýarys. Ondan öň, Madrid-iň “Realy” Benzemanyň gidýändigini habar beripdi. Karim “Real”-da 14 möwsüm oýnady, klubuň 647 oýnuna gatnaşdy we 353 gol geçirdi. Bu möwsüm oýunçy 23 oýunda oýnady, 18 gol geçirdi we üç gezek netijeli pas berdi. Ol La Liganyň möwsüminde “Real”-yň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir