Argentinadan professor Selesta Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary bellendi. Ol bu wezipede ilkinji aýal bolar. Bu barada BMG-niň Habarlar merkezine salgylanyp, forbes.kz habar berýär. Professor Saulo 2014-nji ýyldan bäri Argentinanyň Milli meteorologiýa gullugynyň müdiri wezipesini eýeleýär we häzirki wagtda BMG-niň birinji wise-prezidentidir. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda işe girişer we bu wezipede iki möhlet işlän professor Petteri Taalasyň ornuna geçer. Professor Saulo dört ýyldan bir gezek geçirilýän BMG-niň ýokary direktiw organy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Kongressiniň delegatlarynyň sesleriniň üçden iki bölegini alandan soň bellendi. BMG-niň indiki prezidenti BAE-niň Milli Meteorologiýa merkeziniň baş müdiri, BAE-niň BMG-däki hemişelik wekili we BMG-niň Aziýa üçin Sebitleýin assosiasiýasynyň prezidenti doktor Abdulla al-Mandus bolar. Prezident saýlawlarynda ol sesleriň aglabasyny aldy. Professor Saulo BMG bilen uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylyň iýun aýynda ol BMG-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy saýlandy. 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň ikinji wise-prezidenti, 2019-njy ýylyň iýun aýynda birinji wise-prezidenti saýlanyp, bu wezipäni eýelän ilkinji aýal boldy. Ondan öň Saulo BMG-niň dürli ylmy hünärmen toparlarynyň agzasy boldy. Saulo 60-dan gowrak ylmy makalalaryň we kitaplaryň awtory ýa-da awtordaşydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir