BMG-niň howandarlygynda Parižde geçen gepleşiklere gatnaşyjylar plastik hapalanmanyň soňuna çykmak baradaky şertnamanyň başlangyç taslamasyny 2024-nji ýylyň ahyryna çenli işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu adam ýaşaýşynyň galyndylarynyň iň dowamly çeşmelerinden biri bilen bagly meseläni çözmek üçin deslapky, ýöne aýgytly ädimdir. Ara alyp maslahatlaşmalara 175 ýurduň wekilleri gatnaşdy. "Pariždäki sessiýa gutarandan soňam, halkara gepleşikler we çekişmeler, gepleşiklerdäki basyşy goldap we 2024-nji ýylda maksada ýetip bilerimiz ýaly, tä Keniýadaky duşuşyga çenli dowam etmeli" diýip, ekologik geçiş ministri Kristof Beşýu belledi. WWF (Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy) Pariždäki gepleşikleriň dowamynda: "Hökümetlere howply plastmassany gadagan etmegi, plastmassany gaýtadan ulanmagy, gaýtadan işlemegi we galyndylary tygşytly dolandyrmagy öz içine alýan global şertnama gerek" - diýdi. "Tebigat we biziň saglygymyz plastmassa hapalanmasy zerarly bogulýar” – diýip, WWF habardar edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir