Volkswagen Golf R-iň “Golf R 333” diýlip atlandyrylýan täze wersiýasy çäkli — 333 nusgada öndüriler. Trend agentliginiň berýän habaryna görä, bu sport hetçbegi 333 at güýjüne eýe bolar we hatda tanyşdyrylan wagty hem nemes wagty bilen sagat 3:33 geçdi. Golf R 333, edil Volkswagen-iň Golf R 20 Years Edition modeli ýaly, 2.0 TSI hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Dört silindrli hereketlendiriji 243 kWt-e ekwiwalent bolan 333 at güýjüni berýär we adaty Golf R. ýaly 420 Nm tork güýjüne eýe.