Angliýanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Mançester Siti» «Mançester Ýunaýtedi» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk şenbe güni agşam Londonda «Uembli» stadionynda geçdi. «Sitiden» gollary Ilkaý Gündogan geçirdi (1-nji, 51-nji minutlar). «Ýunaýtedden» Brunu Fernandeş tapawutlandy (33, pen.). Gündogan duşuşyk başlandan soň eýýäm 14-nji sekuntda gol geçirip, Angliýanyň Kubogynyň final duşuşyklarynyň taryhynda geçirilen iň çalt goluň awtory boldy. «Mançester Siti» möwsümiň jemleri boýunça trebl utmaga (bir möwsümde çempionatda ýeňiş, ýurduň Kubogy we Çempionlar ligasy) mümkinçiligi saklap galýar: öň «Siti» Premýer ligada ýeňiş gazanypdy, 10-njy iýunda ol Stambulda Çempionlar ligasynyň finalynda «Inter» bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir