Madridiň “Realy” dünýädäki iň gymmat futbol kluby boldy. Bu barada “Forbes” neşiriniň saýtynda ýerleşdirilen reýtinge salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Realyň” bahasy 6 mlrd 70 mln dollar bilen bahalandyrylýar. “Klasiko” boýunça madridlileriň garşydaşy “Barselona” sanawda üçünji orny eýeleýär (5,51 mlrd dollar), ikinji orunda bolsa Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby ýerleşýär (6 mlrd). Sanawyň ilkinji onlugynda ýene Angliýadan bolmadyk diňe iki klub bar – Mýunheniň “Bawariýasy” (4,86 mlrd, 6-njy orun) we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby (4,21 mlrd, 7-nji orun). Dördünji orny Liwerpul (5,29 mlrd) eýeleýär, ilkinji bäşligi “Mançester Siti” jemleýär (4,99 mlrd). Sekizinji orny Londonyň “Çelsisi” (3,1 mlrd), dokuzynjy orny “Tottenhem” (2,8 mlrd) we onunjy orny “Arsenal” (2,26 mlrd) eýeledi. Italiýanyň iň gymmat kluby bolan Turiniň “Ýuwentusy” 11-nji orunda ýerleşdi (2,16 mlrd). Reýtingiň ilkinji otuzlygyna Angliýadan (12 topar), Ispaniýadan (3), Italiýadan (4), Germaniýadan (2), Fransiýadan (2) we Demirgazyk Amerikanyň MLS-inden (7) klublar girdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir