Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, şeýle-de Twitter kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask Bloomberg agentliginiň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde ýene-de birinji orna gaýdyp geldi. Onuň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygy 192,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, TASS belleýär. Mask baýlygy 186,6 mlrd dollar bolan LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arnodan öňe geçdi. Sanawda üçünji orny Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär. Onuň baýlygy 144 mlrd dollara barabar. Agentligiň belleýşi ýaly, 51 ýaşly Maskyň aktiwleri şu ýyl, esasan, Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde 50 mlrd dollardan gowrak artdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir