Crew Dragon kosmiki gämisi ekipažy bilen Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) 9 günlük täjirçilik uçuşyndan soň Ýere üstünlikli gaýdyp geldi diýip, Axiom Space-iň web sahypasyna salgylanyp, Trend habar berýär. SpaceX kosmos gämisi HKS-den aýrylandan takmynan 12 sagat soň atmosferanyň dykyz gatlaklaryna girdi. Bäş ýarym kilometr belentlikde Crew Dragon esasy paraşýutlaryny açdy we birnäçe minutdan Floridanyň kenarýakasyna golaý ýere — Atlantik ummanyna gondy. Crew Dragon -yň bu uçuşy täjirçilik Axiom-2 maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy. Ekipažyň serkerdesi NASA-nyň öňki astronawty we HKS-iň ilkinji aýal serkerdesi Peggi Uitson, piloty bolsa telekeçi Jon Şoffnerdi. Şeýle hem, ekipažyň düzümine Saud Arabystanynyň astronawtlary Raýan Barnaui we Ali al-Karni girdi. Sekiz günläp astronawtlar HKS-iň hemişelik ekipažy bilen bilelikde işlediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir