«PSŽ-niň» goragçysy Serhio Ramos möwsüm tamamlanandan soň kluby terk eder. Bu barada pariž klubunyň metbugat gullugy habar berdi. Öň habar berlişi ýaly, «PSŽ» futbolça aýlyk hakyny iki esse azaltmak şerti bilen täze bir ýyllyk şertnama hödürläpdir. Emma Ramos bu teklip bilen razy bolmandyr. Ispaniýaly futbolçy häzir beýleki klublardan tekliplere garaşýar.