Kanadada satylýan her bir çilimiň ýüzüne çilim çekmegiň zyýany barada duýduryşly bellik ediler. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýanatynda aýdylýar. "Ýakyn wagtda Kanada saglyk duýduryşlarynyň hut her bir çilimde çap edilmegini talap edip başlar. Kanada bu çemeleşmäni dünýäde ilkinji ulanjak ýurt bolar" diýip, resminamada görkezilýär. Bu üýtgeşme 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girer. Temmäki önümlerine bellik etmegiň täze düzgünleri tapgyrlaýyn giriziler: ilki bilen şeýle duýduryşlar uly ölçegli çilimlerde peýda bolar we kanun 2025-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli doly güýje girer. Bu başlangyjyň maksady "çilimkeşlere çilimi taşlamaga kömek etmek, ýaşlary we temmäki ulanmaýan adamlary nikotine baglylykdan goramak we temmäkiniň özüne çekijiligini hasam peseltmek". Hökümet 2035-nji ýyla çenli ilatyň arasynda temmäkiniň sarp edilişini 5%-e çenli azaltmagy meýilleşdirýär. Temmäki önümleriniň häzirki sarp ediliş derejesi resminamada görkezilmeýär. Saglygy goraýyş ministrligi Kanadada temmäki ulanmagyň täsiri sebäpli her ýyl 48 000 adamyň ýogalýandygyny aýtdy.