28-nji maýda Türkiýäniň täze möhlete saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan süýşürintgi puluny milli walýutada - türk lirasynda saklaýar. Resmî Gazete hökümet gazetinde türk lideriniň prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi barada Merkezi saýlaw toparynyň çözgüdi bilen bilelikde, onuň girdejisi barada neşir edilen habarnama görä, penşenbe güni ýurduň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça ol 1 884 878 lira ýa-da 90,6 müň dollar toplapdyr. Ondan görnüşine görä, är-aýal Ärdoganlaryň Stambulyň Aziýa bölegindäki Uskýudar etrabynyň Kysykly diýen ýerinde bahasy 7,695 million türk lirasy (382,9 müň dollar) bolan öýi we Gara deňiz ýaka Rize welaýatynyň Dumankaýa obasynda meýdany 2 müň inedördül metr bolan, bahasy 10 müň lira (480 dollar) bolan mellegi bar. Türkiýäniň Prezidenti, jarnamadan görnüşi ýaly, Mustafa Ärdogan diýen birine 5 million türk lirasy (240,3 müň dollar) bergisi bar. Onuň döwlet baştutanynyň haýsy garyndaşy bolýandygy entek belli däl. Halk TV teleýaýlymy munuň Ärdoganyň metbugatda ady agzalmaýan doganydygyny aýdýar. Türkiýäniň Merkezi saýlaw topary penşenbe güni 28-nji maýda geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň jemleýji netijelerini yglan etdi. Ärdogan 52,18% ses, onuň bäsdeşi, oppozisiýanyň lideri Kemal Kylyçdaroglu bolsa 47,82% ses aldy.