Oskar baýragynyň eýesi Riz Uizerspun, Forbesiň habaryna görä, iň baý aktrisa derejesini aldy. Onuň baýlygy 440 million dollar diýlip çaklanylýar. 2021-nji ýylda Uizerspun özüniň Hello Sunshine kompaniýasyny 900 million dollara satdy we 18% paýyna eýe bolmagyny dowam etdirdi. Ol zenan kyssalaryna gönügen “Uly kiçi ýalanlar” we “Ertir şüweleňi” ýaly we beýleki meşhur seriallary döretdi. Ikinjisinde ol 10 bölüm üçin 20 million dollar aldy. Dueýn Jonson geçen ýyl 270 million dollar bilen iň köp girdeji gazanan aktýor boldy. Jorj Lukas (4,8 milliard dollar) bilen Stiwen Spilberg (4 milliard dollar) öňdebaryjy režissýorlar boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir