75 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Porsche kompaniýasy geraldiki galkan görnüşinde döwrebaplaşdyrylan nyşany bilen tanyşdyrdy. Üýtgeşmeleriň birbada göze ilmeýändigine garamazdan, dizaýnerler we marketologlar üç ýyl bäri onuň üstünde işleýärler. Galkanly nyşanyň awtoulaglarda ulanylmagy şu ýylyň ahyrynda başlar. Kompaniýa täze galkanyň innowasion dizaýn elementleri bilen birleşdirip, taryhy bölekleri işjeňleşdirýändigini aýtdy. Gerbiň esasy bölekleri öňküligine galdy. Şeýle-de bolsa, galkanyň köp böleginde faktura ýüzüniň deregine tutuksy metal ulanýar, gyzyl elementler bal ary öýjüginiň gurluşyna eýe we dogumly ýöreýän at elementi Stuttgart ýazgysyny aldy. Wizual synaglardan başga-da, Porsche amaly synaglary hem geçirdi. Önümçilikden öňki nyşan nusgalary Waýsahdaky Ösüş merkezinde howanyň synaglaryny goşmak bilen, birnäçe synagdan geçdi. Geraldiki galkan Porsche-de 1952-nji ýylda peýda boldy we şondan bäri bäş gezek täzelendi (iň soňky 2008-nji ýylda). Şol bir wagtyň özünde, şereket henizem nusgawy modelleriň awtoulaglarynyň eýeleri üçin nyşanlaryň ähli görnüşlerini öndürýär.