Londonyň “Çelsisi” baş tälimçi wezipesine argentinaly Maurisio Poçettinony belledi. Bu barada klubuň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. 51 ýaşly hünärmen bilen şertnama “2+1” shemasynda baglaşyldy. Bu wezipede ol angliýaly Frenk Lempardyň ornuna geçdi. Lempard watandaşy Grem Potter işden aýrylandan soň baş tälimçiniň wezipe borçlaryny ýerine ýetiripdi. Poçettinonyň ştatyna Hesus Peres, Migel d’Agostino, Toni Himenes we Sebastýano Poçettino girer. “Poçettinonyň tejribesi, onuň ýokary standartlary, liderlik häsiýetleri we gylyk-häsiýeti “Çelsiniň” ösüşine hyzmat eder. Ol dürli ligalarda we ýurtlarda, iň ýokary derejede işlän tälimçi-ýeňiji. Onuň ruhy, taktiki çemeleşmesi we ösüşe tarap ymtylmasy ony aýratyn dalaşgär etdi” – diýlip, klubuň resmi saýtynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar. “Topar yhlasly we oýlanyşykly saýlama prosesini geçirdi. Biz Maurisionyň “Çelsä” goşulýandygyna begenýäris. Poçettino – ajaýyp iş ýazgysy bolan dünýä derejesindäki tälimçi. Biziň hemmämiz onuň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýlip, klubuň eýeleriniň beýanynda aýdylýar. “Çelsi” Angliýanyň premýer-ligasynyň ýaryş jedwelinde 44 utuk bilen 12-nji orny eýeledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir